Halkymyzyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan saglygy goraýyş we keselleriň öňüni alyş çäreleriniň dowam edýän şu günlerinde ähli pudaklar boýunça käbir biznes faktorlary öz möhümliligini artdyrdy. Bu faktorlary analiz edip olara dogry çözgüt tapyp olary amala aşyrmagy başaran käbir kiçi firmalar öz işini we brendini ösdürdi emma welin bu faktorlary gözden salan käbir güýçli firmalar bolsa biznes arenasyndan çekilmek bilen ýüzbe--ýüz boldylar. Okyjylarymyzy biznes dünýasiniň bu faktorlary we olaryň ýerlikli çözgütleri bilen gysgaça tanyşdyrýarys: ⠀
1) Gaplama. Günümizde müşderi satyn alýan harytlaryna onuň gaplamasyna görä baha berýär. Sebäbi ol öýde ýa-da ofisinde oturmak bilen Siziň we işgärleriňiziň haryt üçin nähili zähmet çekýäniňizi we nähili kynçylyklary başdan geçirýäniňizi bilip bilenok. Şu nukdaýnazardan ugur alyp harytlaryňyz üçin mümkin bolan iň oňat gaplama materiýallaryny ulanyň. Gaplamak üçin kagyz önümleriniň ulanylmagynyň hem estetiki taýdan hem-de müşderileriňiziň saglygy üçin has ýerlikli boljakdygyny ünsden düşürmäň. ⠀
2) Saglyk we gigiýena. Firmalar hyzmatlarynda we harytlarynda saglyk we gigiýena temasyny özlerine ýörelge edinmelidirler. Meselem iýmit hyzmaty sektory (ýagny kafedir restoranlar) işgärleriniň müşderilerine gigiýena ellikleri bilen hyzmat etmegini, eltip berme hyzmatynda tagamlarynyň el degmezden müşderä eltilmegini, önümçilik firmalary bolsa harytlarynyň adam eli degmezden gaplanmagyny gazanmalydyrlar. Şeýle-de öz reklama işlerinde bu aýratynlyklaryny hökmany suratda öňe çykarmalydyrlar. ⠀
3) Eltip berme hyzmaty. Işiňiziň online şekile geçmegi bilen bir hatarda müşderiniň satyn alan harydyny oňa eltip bermek mejburyýeti firmalara ýüklenen bir ýük ýaly görünse-de aslynda bu hyzmaty ýokary hilde ýerine ýetiren ýagdaýlarynda bäsdeşlerinden öňe saýlanmaklary üçin mümkinçilikdir. Paýlaýjy işgäriňiziň (dostawşik) müşderileriňize ýokary hilli hyzmat etmegi örän möhüm bolup durýar. Mundan başga-da online marketlere bolan talabyň artmagy bilen offline marketleriň (komerskiler) müşderileriniň belli bir bölegini olara aldyrdylar. Munyň öňüne geçmek üçin olaryň hem eltip berme hyzmatyny dogry şekilde ýola goýmaklary hökmany bolup durýar. ⠀
4) Online biznes. Bu faktorlaryň belki-de iň esasysy gürrüňsiz online biznes bolsa gerek. Öňler ofisinde ýa-da söwda nokadynda öz işini edýän firmalar indi işlerini imo, instagram ýa-da web site arkaly dolandyrmaly boldylar. Häzirki wagtda müşderi Siziň iş ýeriňiziň dizaýny bilen hiç-hili gyzyklananok. Ony gyzyklandyrýan zat Siziň harytlaryňyzy arkaýyn görüp we saýlap biljek platformasynyň bolmagy. Siz platformaňyz üçin dizaýn, ähli harytlaryň suratynyň bolmagy, suratlaryň hili we platformanyň wagtly-wagtynda täzelenip durmagy meselelerine berk gözegçilik etmelisiňiz.⠀
5) Aragatnaşyk. Aragatnaşyk meselesi firmalary bir-birinden tapawutlandyrýan faktordyr. Sebäbi müşderiler indi magazynyňyza ýa-da ofisiňize gelip bilmeýändigi üçin ähli soraglaryny telefon arkaly ýa-da internet arkaly sorap başladylar. Şonuň üçin işgärlerimiz berilýän standart jogaplardan uzak durmaly, soraga görä dogry jogap bermeli hem-de hökmany suratda sowukganly hereket etmelidir. Siz müşderi bilen aragatnaşykda bolýan ähli işgärleriňiziň aragatnaşyk boýunça geçirilýän traininglere (kurslara) gatnaşmaklaryny gazanmaly.⠀
Biznes faktorlaryndaky emele gelen bu üýtgeşmeler öz täsirini uzak möhletli dowam etdirer. Firmalar şu nukdaýnazardan ugur alyp özleriniň hyzmat we önümçilik ýörelgelerindäki geçiren üýtgeşmeleriniň diňe häzirki döwür üçin däl-de hemişelik dowam etmegini gazanmalydyrlar.⠀
RÖWŞEN SÄHEDOW⠀
Marketing boýunça hünärmen⠀
Halkymyzyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan saglygy goraýyş we keselleriň öňüni alyş çäreleriniň dowam edýän şu günlerinde ähli pudaklar boýunça käbir biznes faktorlary öz möhümliligini artdyrdy.
Написано 05.01.2021