✓ Üstünlik ýa-da şowsuzlyk: Bularyň hemmesi siziň maglumatlary nädip ýygnaýandygyňyza we ulanmagyňyza baglydyr.
Bill Geýts.
√ Islendik guramanyň zerur maglumatlary bar, ýöne sanly "nerw ulgamynyň" ýoklugy sebäpli, bu maglumatlary netijeli ulanyp bilýänler üçin köplenç elýeterli däl: dükan kömekçisi birnäçe aýyň dowamynda, sebit derejesinde çözülýän kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz duşup biler, sebit dolandyryjysy bolsa 10 minutda çözülip bilinjek meselăni çözüp bilmeýär.
Şu soraglara jogap beriň.
• Müşderiler önümiňiz barada näme pikir edýärler?
• Näme üýtgetmek isleýärler?
• Haýsy görnüşleri goşmak isleýärsiňiz?
• Önümiňizi satanyňyzda ýa-da siziň bilen gatnaşykdaky hyzmatdaşlar haýsy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz duşuşýarlar?
• Has üstünlikli bäsdeşleriňiz kim we näme üçin olar sizden has üstünlikli?
• Müşderiniň islegine görä üýtgeşme ÿa goşmaça girizmek haýyşyna jogap bermäge taýynmy?
• Haýsy täze bazar gatnaşyklara girmăge taýyn?
√ Sanly nerw ulgamy bu soraglara dogry jogap bermegi kepillendirmeýär, ýöne sizi kagyz resminamalaryndan azat eder we guramanyň aşaky gatlaklaryndan gözegçilik merkezine maglumat bermäge mümkinçilik berer. Iň esasy zat, muny çalt ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.
✓ Sanly döwürde iş berijiler her bir işgäri akylly işçä öwürmeli. Işgärleri täsirli gurallar bilen üpjün edip, intellektual işini höweslendirmeli.
Maglumat akymy - işiň gan aýlanyş ulgamy.
Написано 30.07.2021
Business Group


