"Nasaf" - "Ahal" jübütiniñ ýeňijisi Karşidäki bir oýunda kesgitlener.

Написано 30.07.2021
Business Group


• 2021-nji ýylyň 25-nji awgustynda türkmen futbol kluby "Ahal" AFK kubogy - 2021-iň eýelemek ugrunda Merkezi zonasynyň finalynda Özbek futbol kluby "Nasaf" bilen oýnar.

•Aziýa futbol konfederasiýasynyň resmi web sahypasyna görä, ýeňiji bir oýnuň netijelerine görä kesgitlener.

• Duşuşyk Karşiniň (Özbegistan) merkezi stadionynda geçiriler. Gerek bolsa goşmaça wagt we 11 metr seriýa oýnalar. Ýeñiji 2021 AFK kubogynyň sebitara finalynda oýnar.

• Şu ýylyň maý aýynda geçiriljek AFK kubogy - 2021- iň toparçasynda "Ahal" "E" toparçasynda birinji ýeri eýeläp, ýaryşyň pleý - offa çykandygyny ýatladýarys.

• AFK kubogy Aziýanyñ iň möhüm klub ýaryşydyr. Bu kubokyñ täze eýesi 2021- nji ýylyñ 26- njy noýabrynda yglan ediler.

• 1986-nji ýylda Karşida döredilen Nasaf futbol kluby, Özbegistan kubogy 2015, Özbegistan Super kubogy 2016 we başga-da birnäçe abraýly futbol baýraklarynyň eýesidir.

• Nasaf, 2011- nji ýyldaky AFK kubogyny gazanan ýeke-täk özbek kluby.